- ýarpasyna
- [ýa:rpasyna]Deň paýlaşmak şerti bilen, ýarysyny almak şerti bilen, ýarpa.∙ Etmäge ýarpasyna iş tapýas. (Myraly)∙ Ol onuň-munuň ýer-suwuny üçden birine, ýarpasyna ekýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Käte ýarpasyna, kä bäşden-ikä, Ekerdi ýyl boýy iliň ekinni. (A. Kekilow, Söýgi)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.